Türkmenistan

Türkmenistan

Syýahatçylyk kompaniýasy

“Oguzabat” kompaniýasy 2017-nji ýyldan bäri göniden-göni syýahatçylyk pudagynda işleýär. Bu ugurda gysga wagt işlemegimize garamazdan, Türkmenistanyň iň ösen, iň ygtybarly syýahatçylyk operatorlaryndan biri hökmünde özümizi tanatmagy başardyk. Bizde ähli gerekli çeşmeler, ýokary bilimli,syýahatçylyk we hyzmatlar pudagynda tejribeli hünärmenlermiz bar. Biz syýahatçylyk, toparlaýyn we aýratynlykdaky şeýle-hem bilelikdäki turlary gurnaýarys, ondan başga-da myhmanhanadyr,hawa peteklerini bron etmek ýaly hyzmatlarmyz hem bardyr. Müşderilermizi kanagatlandyrmaga,şahsy isleglerine we maliýa mümkinçiliklerine görä ýöriteleşdirilen turlary gurnamaga we Türkmenistandaky syýahatlaryny ýatdan çykmajak ýagdaýa getirmek üçin elimizden gelen ähli hyzmatlary görkezmäge synanşýarys. “Oguzabat” kompaniýasynyň Germaniýa, Ispaniýa, Malaýziýa,Singapur ýaly ýurtlarda geçirilýän Halkara syýahatçylyk sergilerine yzygiderli gatnaşýandygyny bellemek möhümdir. Biz Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň beýleki syýahatçylyk edaralary bilen ýakyn hyzmatdaşlyklary ýola goýduk we bu hyzmatdaşlyklary,halkara syýahatçylygyny öňe sürmek üçin jaýdar peýdalanmagy maksat edindik. Türkmenistandaky dürli görnüşli syýahatçylyk maksatnamalaryny Siziň dykgatyňyza hödürleýäris.